Kodak kompaniýasy ençeme ýyl bäri öz fotoapparatlary we olar üçin
plýonkalary bilen tanalýar. Ýöne sanly analoglaryň peýda bolmagy bilen
kompaniýanyň önümleri aktual bolmagyny bes etdi.
Bu ýagdaýy düşünip kompaniýanyň inženerleri, häzirki zaman ulanyjylaryny
gyzyklandyrmak kararyna geldiler. Kompaniýa bir gezek ulanylýan plýonkaly
kamera döretdiler we ony Kodak Professional TRI-X 400TX diýip, atlandyrdylar.
Enjamyň agramy 100 gr. Ýöne has gyzykly ýeri, f/10 diafragmaly goşa
asferaly plastik linza bilen enjamlaşdyrylandyr. Içinde 27 suratdan ybarat
“göwrümli” Kodak plýonkasy bar.
Bu täze enjamyň, pes ýagtylyk şertlerinde-de ýokary hilli surata düşmäge
ukyplydygy habar berildi. Şol bir wagtyň özünde, häzirki wagtda täze önümiň
bahasy we satuwa goýberiljek senesi barada takyk maglumat ýok. Ýöne, enjamyň
bir gezek ulanylýandygyny göz öňünde tutsak, ýokary bahadan satylmagynyň
ähtimallygy ýok.
Mährijemal PARHADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby