Roždestwo baýramyndan bir aý öň, şwesiýaly ýaşaýjylar kökeden jaýlary
ýasap başladylar we iň gowy döredijilikleri bilen sosial ulgamlarda paýlaşdylar.
Has batyrgaýlar bolsa, hatda Stokgolmdaky ArkDes binagärlik muzeýinde
geçirilýän kökeden ýasalan jaýlaryň bäsleşigine gatnaşýar.
Bu ýerde konditerleriň däl-de, höwesjeňler tarapyndan döredilen – her gezek
degişli proporsiýalarda däl-de eýsem köplenç çaganyň eli bilen boýalýan gaty
täsirli we ýakymly kökeden jaýlaryň sergisi açyldy.
Şeýle sergi ýurtda gaty meşhurlyga eýedir diýip,Reuters habar berýär. Ol
eýýäm 31 gezek geçirildi. Halaýan jaýyňyza diňe muzeýde däl-de onlaýn-da hem
ses berip bilersiňiz.
Ýewropada, zenjefilli kökeleri bişirmek däbi orta asyrlarda ýüze çykypdyr.
Bu däp Şwesiýa XIII asyrda Germaniýadan gelen göçmenler tarapyndan
getirilipdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Şwesiýada 2021-nji ýylyň iň oňat kökeden ýasalan jaýlaryny görkezdiler
Şwesiýada 2021-nji ýylyň iň oňat kökeden ýasalan jaýlaryny görkezdiler
