Şu ýylyň ýazynda Xiaomi elektrik awtoulag bazaryna çykjakdygyny mälim
etdi. Şonda taslama10 ýylda 10 milliard dollar maýa goýmak barada gürleşilipdi.
Habarlara görä, kompaniýa çynlakaý meýilleşen: Pekinde ýylda 300 müň
birlik kuwwatly elektrik ulaglaryny öndürýän zawod gurlar. Zawod iki ýylda
gurlar, öndüriji 2024-nji ýylda doly önümçilik kuwwatyna ýetmeli.
Bellenip geçilişi ýaly, zawod önümçilik zolagynda, awtoulag bölüminiň baş
edarasyndan, satuw bölümlerinden we gözleg bölüminden ybarat bolar.
Xiaomi ýylda ýüzlerçe müň elektrik ulagy öndürýän zawod gurar
