973-nji ýylyň 4 sentýabry – Abu Reýhan Biruny Kät şäherinde dogulýar.
990-njy ýyl – Biruny halkaly guralyň kömegi bilen Günüň ýarymgünlik
beýikligini ölçeýär.
994-995-nji ýyllar – Biruny diametri 10 gez (5 metr) diametrli Şer
globusyny gurýar.
995-997-nji ýyllar – Biruny Reý şäherinde dünýä belli astronom we
matematik Abu Hamid Hojendi bilen duşuşýar.
997-998-nji ýyllar – Abu Aly ibn Sina bilen filosofiki hat alyşyk.
998-999-njy ýyllar – Birunynyň Kobus ibn Wuşmagiriň çagyrmagy bilen
Gürgene gelmegi.
Takmynan, 1000-nji ýyl – Birunynyň ilkinji uly işi bolan “Hronologiýa”
eserini ýazyp gutarmagy.
1003-1004-nji ýyllar – Horezme gaýdyp gelmegi.
1004-nji ýyl – Biruny Gürgençde (Köneürgeçde) astronomiki
gözegçiligini geçirýär.
Takmynan, 1005-nji ýyl Abu Aly ibn Sinanyň Buharadan Köneürgenje
gaýdyp gelmegi we Biruny bilen tanyş bolmagy.
1010-1017-nji ýyllar – Birunynyň syýasat bilen baglanyşykly işeňňir
hereketleri (Bu döwürde Horezm şasynyň maslahatçysy wezipesini ýerine
ýetirýär).
1017-nji ýyl – Abu Reýhan al-Birunynyň Mahmut Gaznalynyň köşgüne
gulluga Gazna çagyrylýar.
1022-1024-nji ýyllar – Biruny Hindistanda saparda bolýar. Penjap
düzlüginde ýerleşýän Nandna galasynyň ýakynynda Ýer şarynyň
radiusyny ölçeýär.
1025-nji ýyl – Biruny “Geodeziýa” eserini doly ýazyp gutarýar.
1025-1030-njy ýyllar – astronomiýa we matematika degişli bolan birnäçe
ylmy traktatlaryny ýazýar.
1030-njy ýyl – beýik akyldar “Hindistan” atly uly göwrümli kitabyny
ýazyp gutarýar.
1031-1036-njy ýyllar – “Masudyň kanony” eserler (11 kitapdan ybarat
bolan) ýygyndysyny ýazyp gutarýar.
1037-nji ýyl – “Masudyň kanony” eserler ýygyndysyny soltan Masuda
sowgat edýär.
Takmynan 1048-nji ýyl – “Mineralogiýa” atly eserini ýazyp gutarýar.
1048-nji ýyl – “Farmakognoziýa” eserini ýazýar. Saglygy erbetleşýär.
1048-nji ýylyň 11-nji dekabry – Gaznada beýik akyldar aradan çykýar.
Soltana ÇOPANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby