Halkara Bitaraplyk gününi döretmek başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2015-nji ýylyň dekabrynda Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen Halkara maslahatda öňe sürüldi. Şol esasynda hem Halkara Bitaraplyk günini döretmek hakyndaky Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesidir. Halkara Bitaraplyk gününiň 12-nji dekabrda bellenilip geçilmegi ýöne ýerden däl, çünki 1995-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz özüni bitarap döwlet diýip yglan etdi we şol ýylyň dekabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan giňden goldaw tapdy.
Alladurdy ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby