Türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Turkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösüşiň sebit hem-de ählumumy işine hemmetaraplaýyn ýardam etmek, Müňýyllygyň maksatlaryna ýetmek, halkara gün tertibiniň ilkinji nobatdaky meselelerini çözmek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli ýollaryny döretmek baradaky meýlini tassyklaýan täze ýörelgeleri we teklipleri yzygiderli öňe sürýär. “2021-nji ýyly– Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama şeýle başlangyçlaryň biri boldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler gatnaşyklaryň esaslaryny we görnüşlerini döretmäge, netijeli bolmagyna, bar bolan soraglary we wehimleri bilelikde, birek-birege hormat goýmak esasynda, sazlaşykly çözmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Türkmen döwleti Bitaraplyk derejesine eýermek bilen, şu geçen ýyllaryň dowamynda dünýäniň ýurtlary, iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň pugtalandyrýar. Bu köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleri syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni ulgamlarda täze anyk many-mazmuna eýe bolup, yzygiderli giňelýär.
Adamzadyň belent ynsanperwer däpleriniň dabaralanmagy parahatçylyk, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgelerine çuňňur sarpa goýýan halkymyzyň mizemez ýörelgeleridir. Hut şonuň üçin hem şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dabaraly hem-de ruhubelent ýagdaýda geçdi.
Batyr Öwlỳakulyỳew,
Saýat etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ müdiriniñ terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.