2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, alnyp barylýan bilelikdäki iş, şol sanda global derejede oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygy meseleleri babatda taslamalar we maksatnamalar boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda taslamalaýyn ylalaşyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwletiniň daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara prosesslerdäki işjeň orny bellenildi.
Şeýle-de taraplar gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan FAO-nyň Türkmenistan tarapyndan goldanylan taslamalary boýunça pikir alyşdylar. Ilatyň azyk üpjünçiligine baha bermek pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribelerini ulanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.
Myratlyýew Resul
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby