«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuşy-kdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sanly ykdysadyýete, sanly bilim ulgamyna degişli döwrebap geljegimizi nazarlaýan maksatlaryň wezipeleriň içinden eriş-argaç bolup geçýän adam maýasynda, öndürijilik güýjünde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki geljek ýaşlaryňky, Watanymyzyň geljegini döwrebap, kämil gurjak ýaş nesillerdir. Islendik ulgamda ýaşlar uly güýç bolmak bilen, olar häzirki zaman sanly ykdysadyýeti we sanly bilimi örän çalt özleşdirmäge ukyplydyr. Şundan ugur alanyňda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň öňünde goýlan borjuň hem az däldigi öz-özünden düşnüklidir. Ýaşlar ýurdumyzy ylmyň hem innowasiýaly ösüşleriň çylşyrymly tehnologiýalaryna erk edýän we giden bir maglumat-aragatnaşyk ulgamyny sazlaşdyrýan güýç bolmak bilen, olar döwrebap hünärleriň eýesi bolan milli hünärmenleriň tutuş bir düzümini emele getirýärler. Bu ugurdan taýýarlanylan ýerli hünärmenleriň häzirki wagtda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň daşarky bazar gatnaşyklaryna bolan işjeňligini artdyrmakda başarjaň hem ussat bolup durýandygy hemmelere mälimdir.
Ýurdumyzda Prezident Maksatnamasyny amala aşyrmakda ylym ulgamyna uly orun degişlidir. Ylym ulgamynda bolsa ýaş alymlar uly gaýrat-hyjuw bilen zähmet çekýärler. Ýaş alymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijesinde täze innowasiýaly tehnologiýalar döremek bilen, ol sanly ykdysadyýetimiziň kuwwatly güýje eýe bolmagyna getirer. Mysal üçin, saglygy goraýyş ulgamynda telelukmançylyk babatynda hususy taraplar we amaly-barlag merkezleri bilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda, ýaş lukmanlaryň gatnaşdyrylmagy olaryň tejribesini baýlaşdyrýar, ylmy dünýägaraýşyny giňeldýär. Ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň täze innowasiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy, elektron senagatyň döredilmegi bilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giň tory bilen iş salyşmagy ýurdumyzda Prezident Maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant bolar.
Ýaşlar ýurdumyzda ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda uly güýç bolup durýanlygyndan başga-da, olar maksada okgunlylygyň, synmaz berk ynamyň kuwwatly güýjüdir. Belent watansöýüjilik ruhy olaryň dana pederlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyndan gaýdýar. Türkmen ýaşlary ylmyň dürli ugurlaryndan açyş eden eždatlarymyzyň bitiren beýik işlerinden ägirt uly joşgun-hyruç hem çäksiz buýsanç duýgusyny alýarlar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemişe maksada okgunly bolmagy barada alada edýän hormatly Prezidentimiz olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin milli sporta we bedenterbiýä aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda ýaş türgenleriň — daşary ýurtlarda altyn, kümüş, bürünç medallaryň eýesi bolan ussat türgenleriň täze nesliniň ösüp ýetişenligi, olaryň milli sportumyzyň abraýyny ýokarlandyranlygy hemmelere mälimdir. Halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baý tejribe toplan türgenlerimiz kompýuter-internet ulgamy arkaly özleriniň türgenleşýän sportunyň görnüşi boýunça maglumatlary almak bilen, bu ugurda türgenleşik okuw-tejribesini kämilleşdirip, sportda ýokary netije gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen çalt depginde ösdürýär. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem şeýle çalt ösüşler bilen ýüzbe-ýüz bolup ylmyň iň ösen innowasiýaly tehnologiýalaryny tiz özleşdirýändikleri hemmä belli hakykat. Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň çalt depginli ösüşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylmy düşünjesiniň, ony özleşdirmek ukyp-başarnygynyň çeýeliginiň ýüze çykmagyna getirdi. Şeýle çeýelik hem çaltlyk Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de güýçli ösüşlerini üpjün eder. Munuň özi ykdysadyýetiň hem adam maýasynyň biri-birine bolan gatnaşygynda täze senagat we ynsan gatnaşyklarynyň bitewüligini emele getirýär. Şeýlelikde, sazlaşykly birsydyrgyn özara täsir etmeleriň peýdaly, bähbitli ugry döremek bilen, ol ösüşiň çalt, depginli öňe gitmegi üçin nusgalykdyr.
Milli bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri ýaşlaryň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi bilen utgaşykly sazlaşýar. Ynha, olaryň birnäçesi:
— Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda umumybilim berýän gimnaziýalary açmak boýunça degişli işleri geçirmek;
— ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup kemala gelmeklerini üpjün etmek maksady bilen, mekdepden daşary bilimiň standartyny işläp taýýarlamak.
Görnüşi ýaly, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy bilen ýaş nesliň öňdebaryjy innowasiýaly tehnologiýalar ulgamyna çekilmegine giň mümkinçilikler döreýär.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň medeni-intellektual derejesini ýokarlandyrmak wezipesini öz üstüne alýan medeniýet ulgamynda amala aşyrylmaly işlerde ýaş zehinler hakdaky alada aýratyn orun tutýar. Medeniýet edaralarynyň toplumlaýyn gurulmagy ýaş zehinleriň çalt ýüze çykarylmagyna hem-de olaryň irgözin kämilleşmegine, aýdym-saz sungatyna goşulyşmagyna ýardam berer. Ýaşlary kitaphanalara çekmek işi hem merkezi kitaphanalarda ornaşdyrylan Bitewi elektron kitaphana ulgamy arkaly täze öňegidişlikleri döreýär. Şeýle-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri hem muzeýlere guralýan gezelençler ýaşlar üçin taryhy şöhratymyza bolan guwanjymyzyň iň bir naýbaşysy bolýar. Çünki ata‒ babalarymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklary ýaşlaryň geljekki döwrebap oýlanmalarynyň täze bir dünýäsini açýar.
Aýtäç Altmyşowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.