Germaniýanyň "Bawariýa" we Italiýanyň "Ýuwentus" futbol klubynyň öňki
goragçysy Mehdi Benatia 34 ýaşynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Benatia öz Instagram sahypasynda "Ýaşlygymdan bäri diňe bir arzuwym
bardy – professional futbolçy bolmak. Muňa ýetmek üçin, men özüme köp işlemegi
mejbur etmeli boldum, köp zatdan geçdim, esasan hem karýeramyň her bir
döwründe täze maksatlary goýdum. Hudaýa şükür, professional futbolçy bolmak
bagty maňa nesip etdi, ýöne bu hünäriň aýdyşy ýaly, iň kyn zat ilkinji şertnama gol
çekmek däl-de, onyň wagtyny uzaltmak. 15 ýyllap futbola hoşniýetli we wepaly
hyzmat edip, iň abraýly ýaryşlarda oýnap, karýeramy soňlamagy makul bildim! "-
diýip ýazýar.
Benatia Germaniýanyň we Italiýanyň iki gezek çempiony, Germaniýanyň we
Italiýanyň kubogynyň eýesi (iki gezek), şeýle hem “Al-Duhail" klubynyň
düzüminde oýnaýan wagtynda Kataryň çempiony boldy. 2018-nji ýylda futbolçy
Marokkanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Russiýada geçirilen dünýä
çempionatynda çykyş etdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler «Bawariýanyň» we «Ýuwentusyň» öňki oýunçysy Benatia 34 ýaşynda karýerasyny tamamlady
«Bawariýanyň» we «Ýuwentusyň» öňki oýunçysy Benatia 34 ýaşynda karýerasyny tamamlady

RU



