Journal of Vertebrate Paleontology žurnalynyň ýörite sany 70 million ýyl ozal
Demirgazyk Amerikada ýaşap geçen pterozawrlar toparynyň iň uly wekili bolan
ketsalkoatla bagyşlanýar. Alymlar bäş makalada ganaty 12-15 metre ýetýän şeýle
ullakan haýwanyň howada uçup bilýändigi baradaky soraga jogap tapmaga
synanyşýarlar. Ýene bir makalada ketsalkoatyň göwrümi boýunça kiçi, iki sany
täze görnüşi beýan edilýär.
Ägirt pterozawr Quetzalcoatlusyň daşa öwrülen galyndylary 1971-nji ýylda
ABŞ-nyň Tehas şäherinde tapyldy.
Şondan bäri äpet “Tehas pterozawry” filmlerde we gülkünç sahypalarda
ençeme gezek peýda boldy, ýöne ägirt uly massa bilen onuň nädip uçup bilendigi
entek belli däl.
Nurjemal OEAZSÄHEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby