Galileo hemralary Fransiýanyň Gwiana sebitindäki Kuru kosmodromyndan
uçurylandan soň orbita çykdylar diýip, Arianespace kompaniýasynyň baş direktory
Stefan Izrael habar berýär.
“Galileonyň iki emeli hemrasynyň bölünip aýrylandygy tassyklandy,
ýolagçylarymyz bellenen orbitasyna eltildi” -diýip Izrael öz Twitter sahypasynda
ýazýar.
Ol ýere olary Russiýanyň “Soyuz ST-B” raketa-göterijisi ýetirdi.
Galileo FOC hemralary, EADS Astrium kompaniýasy tarapyndan
Ýewropanyň kosmos gullugynyň buýurmasy esasynda öndürildi. Galileonyň 24
sany emeli hemrasyndan 14 sanysy 2011 we 2016-njy ýyllar aralygynda “Soyuz-2”
raketa-göterijileri bilen uçuryldy.
Günorta Amerikanyň kosmodromyndan 2022-nji ýylda içerki raketalaryň dört
sany uçurylyşy meýilleşdirilýär.
Galileo hemralary orbita uçuryldy
