Ilki bilen lukmanlar şalfeý otuny bellediler, onuň efir ýagynyň bakterisid we
antiseptik täsiriniň bardygyny, şonuň üçin şalfeý köplenç damjalarda we
toplamalarda ulanylýar.
Şeýle hem, hünärmenler günüň birinji ýarymynda rozmarin bilen çaý içmegi
maslahat berýärler, bu beýniniň işjeňligine oňyn täsir edýär.
Dalçyn oýunyň antiseptik täsiri bar, mundan başgada şekere islegi hem
azaldýar. Bu otyň, gandaky şeker derejesini peseldip bilýän dermanlyk
ösümlikdigini az adam bilýär.
Sanawyň soňuny lukmanlar narpyz we ehinase oty bilen tamamladylar.Köp
adamlar narpyzy ýönekeý rahatlandyryjy dermanlyk ot hökmünde görýärler, ýöne
bu beýle däl. Ol aşgazan-içege kesellerinde-de we güýçli antiseptik hökmünde-de
ulanylýar. Ehinase barada aýdylanda, lukmanlar onuň bilen çaý içýänleriň
sowuklama howpunyň 58 göterim peseldýändigini subut edýän gözlegleri
bellediler.

EJEGÜL Ataýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby