Birnäçe gözlegler, penjiräniň golaýynda işlemegiň adamyň rahatlygyna we
öndürijiligine oňyn täsir edýändigini subut etdiler. Şeýlelik bilen, 2018-nji ýylda
Kornell uniwersitetiniň alymlary tebigy ýagtylygyň gözüň dartylmagyny, ukyny
we kellagyryny azaldyp biljekdigini anykladylar.
2021-nji ýylda Londonyň uniwersitet kollejiniň Bartlett binagärlik mekdebi
tarapyndan geçirilen gözleg, işgärleriň açyk görnüşli ofislarda ýa-da penjireleriň
öňünde goýulan iş stolunyň üstünde işlemek has netijelidigini görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde hemme zat ofisiň ýerleşişine hem baglydyr. Mysal
üçin, penjiräniň ýanynda işgäriň töwereginde köp sanly iş stollary bar bolsa ol hem
işiň netijeliligini peseldip biler.

Nurnabat ORAZMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby