Silwester Stallone "Kanzas Siti" teleserialynda baş keşbi janlandyrmak üçin
gepleşikler geçirýär diýip, “Deadline” habar berýär.
Aktýor baş rolda çykyş edip, ýerine ýetiriji prodýuser bolup biler.
«Kanzas-Siti» Stallonyň hemişelik roly boljak, ilkinji esasy telewizion proekti
bolar. Mundan öň ol teleseriallaryň diňe parçalarynda çykyş edipdi. 1970-nji
ýyllarda Stallona "Polisiýa hekaýasy" we "Kojak" ýaly tomaşalarda keşpleri
janlandyrdy. Ýakynda "Rokki" franşizasynyň ýyldyzyny görüp boljak ýene bir
teleseriýal çykdy – "Bu biz" atly drama.
«Kanzas-Siti» teleserialy haçan ýaýlyma beriljekdigi entek yglan edilmedi.