Grek fiosofiýasynyň ösüşi takyk ylymlar bolan fizikanyň, matematikanyň,
geometriýanyň we astronomiýanyň ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolupdyr. Grek
fiosofiýasy öz gezeginde Gadymy gündogar ylmynyň ösüşine-de öz täsirini
ýetiripdir. Grek fiosofiýasynyň esasy meseleleri dünýäniň gelip çykyşy, tebigatyň
we ony gurşap alan zatlaryň döreýşi baradaky pikirler bolupdyr. Filosofiýa
ylmynyň ösüşi bilen baglanyşykda ýörite mekdepler hem ýüze çykypdyr.
Filosofik mekdepler erkin birleşikler bolup, onda pikirdeş adamlar
ýygnanypdyrlar. Şolardan ilkinji biri miladydan öňki VI asyrda gadymy grek
filosofy Fales (miladydan öňki 625–547-nji ýyllar) tarapyndan Milet şäherinde
döredilen Ioniý mekdebi bolupdyr. Fales tebigaty emele getirýän ähli zadyň
suwdan dörändigi hakyndaky pikiri öňe sürüpdir. Onuň bu pikirini meşhur
filosoflryň biri bolan Anaksimandr hem goldapdyr. Fales ýaşaýyş we duýgy
tebigatdaky ähli maddalara mahsusdyr diýen taglymaty öňe sürüpdir.
LEÝLI Muhutdinowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby