Ptolemeý Klawdiý (90–160-njy ýyllar) gadymy grek alymlaryndan bolup, ol
dünýäniň geomerkezi ulgamyny işläp düzüpdir we ony 13 kitapdan ybarat bolan
«Almagest» atly işinde beýan edipdir. Bu eser astronomiýa hakynda gadymy
bilimleri özünde jemlän ensiklopediýa eseri hasaplanypdyr. 127–151-nji ýyllarda
Ptolemeý Aleksandriýada astronomiki gözegçilikleri geçiripdir. Ol «Geografia»
atly işinde gadymy dünýäniň geografiasy barada-da maglumatlary beripdir. Alym
patyşalaryň hronologik senenamasyny hem düzüpdir.
Ptolemeýiň 8 kitapdan ybarat bolan «Geografiadan gollanma» atly işi
gadymy geografii maglumatlary özünde jemläpdir. Ol geografiaçy alym hökmünde
kartografia ylmynyň nazaryýetini işläp düzmekde we ösdürmekde uly işleri
bitiripdir. Alymyň bu işinde Skandinawiýadan Nil derýasyna, Atlantik
ummanyndan bolsa Hindihytaýa çenli aralykda ýerleşen 8000 sany ilatly
mesgenler barada maglumatlar berlipdir. Uly göwrümli bu iş diňe täjirlerden we
syýahatçylardan alnan maglumatlaryň esasynda ýazylypdyr. Ptolemeýiň optika
barada bäş jiltlik eseri hem saklanyp galypdyr.
RAHAT JUMADURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby