Niderlandlaryň Saglyk Geňeşi ýurduň hökümetine 5-11 ýaş aralygyndaky ähli çagalara COVID-19 garşy sanjymy etmäge rugsat bermegi maslahat berdi diýip, Niderlandlaryň saglygy goraýyş ministri Hugo de Ýonge ýazylan hatda aýdylýar.
Mundan öň Niderlandlaryň Saglyk Geňeşi hroniki kesellerden ejir çekýän we howply topara degişli bolan, 5-11 ýaş aralygyndaky çagalara COVID-19 garşy sanjym etmegi maslahat berdi.
“Sanjymyň esasy peýdasy,bu ýaşdaky çagalaryň möhüm organlarynda güýçli sowuklama reaksiýalaryň ýa-da COVID-19 keseliniň agyr geçýän görnüşiniň öňüni alyp biler”-diýip Geňeşiň hatynda aýdylýar.
5-11 ýaş aralygyndaky çagalarda ýüze çykyp biljek ýaramaz täsirler ýadawlyk, kelleagyry we myşsa agyrylary, gysga wagtlyk gyzzyrma bilen çäklenýär. Şol bir wagtyň özünde, miokardit ýaly has çynlakaý täsirleri döretmek howpy gaty pes.