Ähli adamda zehin hem bolýar, erbet gylyk-häsiýete ymtylyş hem bolýar. Emma
olaryň özleri olardan haýsy hem bolsa birini saýlaýarlar.
* * *
Jedelleşmek gahar-gazabyň ilkinji basgançagydyr.
* * *
Özüňe buýsanmazlygy başarmak iň uly buýsançdyr.
* * *
Ynsan geçen ýagşy günlerini ýatlap, onuň dolanyp gelmegine umyt edip ýaşandan,
ertirki geljek gününiň aladasyny edip ýaşany gowudyr.
* * *
Ähli derdiň dermany bolşy kimin, ähli kyn meseläniň hem çözgüdi bardyr.
* * *
Ýagşy habar getirýän öwgä mynasypdyr. Sebäbi ol kimdir biriniň gamly köňlüni
şatlandyrýar.
* * *
Ylma gyssanmaçlyk bilen ýetip bolmaz. Zehin, aň we yhlas bir ýere jemlenen
wagty ylma ýetmek mümkindir.
* * *
Eger kimdir biri saňa içigaralyk edýän bolsa, diýmek seniň ondan artyk tarapyň
bardyr.
Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.