Antik döwründe Türkmenistanyň çäginde gülläp ösen Parfiýa medeniýeti
kemala gelýär. Bu medeniýetiň ýüze çykmagy Beýik Parfiýa döwletiniň döremegi
bilen baglanyşyklydyr. Miladydan öňki 247-nji ýylda doganlar Ärsak bilen Tridat
Parfiýa döwletini esaslandyrýarlar we Parfiýa medeniýetiniň düýbüni tutýarlar.
Aşgabadyň golaýyndaky Nusaý şäheri döwletiň paýtagty diýlip yglan edilýär.
Ösen medeniýetiň merkezi bolan Nusaýda binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam
sungaty ýaly ugurlar uly ösüşlere eýe bolupdyr. Parfiýanyň medeniýeti hem-de
sungaty ellinistik we ýerli medeniýetleriň özara sazlaşykly utgaşmagynda kemala
gelipdir.
Parfiýada binagärlik sungaty ýokary derejä ýetipdir. Nusaý iki şäherden
ybarat bolup, birine Köne Nusaý, beýlekisine bolsa Täze Nusaý diýlipdir. 15 ga
meýdany tutýan baýryň üstünde gurlan Köne Nusaýda inedördül köşk ýerleşip,
onuň üçegini dört sany kuwwatly sütünler saklap durupdyr. Bu ýerde patyşa köşgi,
ybadathana, döwlet diwany, hökümdaryň hazynasy ýerleşipdir. Täze Nusaýda
şäher ilaty, senetçiler we söwdagärler ýaşapdyrlar.

GÜLÄLEK Kakalyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby