Bir wagt Teýmir şanyň agtygy Babyryň şalyk sürýän döwründe Bagabat
şäheri gülläpdir. Bagabadyň, ýagny «Bagly şäheriň» dabarasy köp ýerlere aşypdyr.
Ol ýerde alma, üzüm ýaly köp dürli miweli agaçlar ekilipdir. Ylaýta-da,
Bagabadyň almasynyň şöhrady uzaklara ýaýrapdyr. Gyzlaryň ýaňaklary
Bagabadyň almasyna meňzedilipdir. Bagabadyň şeýle şöhrada ýetmeginiň sebäbi
hem şol döwürde Babyr suwa üns beripdir. Ol Bagabady suwarmak üçin iki sany
nagym çekdiripdir. Şolaryň biri «Şowlatma» diýen nagym bolupdyr. Beýlekisi
«Abi now», ýagny «Täze suw» nagymy bolupdyr. Änew sözi «Abi now»
nagymynyň ady esasynda döräpdir.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.