Türkmen halky Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň hereketi bilen bagly ýyldyz
senenamasyny hem ýöredipdir. Oňa çarwa hasaby hem diýilýär. Ata-babalarymyz
ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryna seredip, ýyl içindäki günleri 12
döwre bölüpdirler. Özi-de bu senenama ýörgünli wagt hasaplarynyň biri bolup, ol
çarwaçylyk (maldarçylyk), çomruçylyk (ekerançylyk) işlerini alyp barmakda has
amatly bolupdyr. Milady aý, gün hasabynda her aýda 28 (29), 30, 31 gün bar bolsa,
ýyldyz senenamasynda günleriň sany ýyldyzlaryň dogup, ýaşmagy bilen baglydyr.
Bu senenama boýunça, fewral aýynyň 22-sine togsan dolup, gyş gutarýar we ýaz
pasly başlanýar.
Bu döwür beýik Magtymguly Pyragynyň «Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, togsan
dolup, tamam bolsun gyşymyz» diýen setirlerinde öz beýanyny tapypdyr. Ýyldyz
senenamasynyň döwürleri şulardyr:
1. Çarwa nowruzy;
2. Nowruz;
3. Ülker;
4. Aralyk;
5. Üçýyldyz;
6. Ýaldyrak;
7. Mizan;
8. Akrap;
9. Garagyş;
10. Uly çille;
11. Kiçi çillе;
12. Ahyrky garagyş.

AÝLAR Nazarowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby