Awstriýada, Mura we Dunaý derýalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä biosfera goraghanasynyň toparyna goşulan Drawa derýasy gaýtadan
dikeldiler, bu barada"ÝewroPuls" habar berýär.
Bu bolsa, goraghananyň çäginde ýerleşýän ýurtlaryň (Awstriýa hem şol
sanda) ony adamzadyň zyýanly täsirlerinden goramalydygyny aňladýar. Drawany
halas etmek üçin onuň hanasyny gazyp giňeltmeli we akymy haýallatmaly.
Öňler derýanyň öwrümleri bardy, ýöne oba hojalyk zerurlygy we suw joşma
howpy sebäpli olaryň köpüsi düzleşdi we derýanyň hanasy daraldy. Bu, suw
howdanynyň "özüni alyp barşyny" öňünden çaklap bolmazlyga sebäp boldy (mysal
üçin suw joşmalary ýygy-ýygydan bolmaýar ýöne bolan wagty örän weýran ediji
bolýar). Mundan başga-da, derýada balyklaryň we gabyklylaryň sany azaldy.
Indi Awstriýanyň häkimiýetleri suw howdanynyň tebigy ýagdaýyny täzeden
dikeltmekçi bolýarlar. Munuň üçin hanany giňeltmek isleýärler, bu bolsa suwuň
tizligini peselder we biodürlüligiň dikeldilmegine goşant goşýar.