Miladydan öňki III müňýyllykda Murgap derýasynyň aşak akymlarynda
özboluşly hem-de ösen Marguş siwilizasiýasy emele gelipdir. Bu döwletiň
paýtagty Goňurdepe şäheri bolupdyr. Goňurdepäniň daşyna kuwwatly gala
diwarlary aýlanylypdyr. Galanyň içinde merkezi dolandyryş edarasynyň ýerleşen
ýeri bolan köşk toplumy, ybadathana we köp otagly ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.
Goňurdepäniň merkezinde ýerleşen patyşa köşgi ýaly ymarat entek Merkezi
Aziýanyň hiç ýerinde bolmandyr.
Goňurdepelileriň özboluşly çeper medeniýeti bolupdyr. Marguş ýurdunyň
ýaşaýjylary şadyýan durmuşy, gözelligi söýüpdirler, owadan hem-de sypaýy
geýinmegi halapdyrlar. Olar nepis edilip dokalan matalardan tikilen gelşikli
geýimleri geýipdirler. Gyz-gelinler dürli şaý-sepleri dakynypdyrlar. Bu ýerde
senetçilik we hünärmentçilik hem ösüpdir. Zergärler, külallar, demirçi ussalar
gymmat bahaly nepis önümleri öndüripdirler, dürli görnüşli möhürleri ýasapdyrlar.
MAÝSA Jumalyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby