Gadymy döwürlerde Gündogar halklarynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem
müçe ýyllary ýöredilipdir. Her 12 ýyla bir müçe diýilýär. Şol ýyllaryň her
biriniň öz ady bar. Olar syçan, sygyr, bars, towşan, luw (balyk), ýylan, ýylky
(at), koý (goýun), bijin (maýmyn), takyk (towuk), it, doňuz. Müçe ýyllaryny
ýatda saklamak üçin şu setirleri ýat tutupdyrlar:
Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan,
Ýylky, koý, bijin, takyk, it, doňuz – boldy tamam.
Müçe ýyl hasabynda ýylyň başy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän
gününden, ýagny 21-nji martdan başlanýar. Geljek 2022-nji ýyl hem müçe
senenamasyna laýyklykda, bars ýyly gelýär.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.