Wawilondaky ýedi täsinligiň biri bolan Semiramidanyň asma bagy
Mesopotamiýa medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Miladydan öňki VI
asyrda Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor II aýaly Amitise bagyşlap, täsin bag
gurmagy buýrupdyr. Onuň aýaly midiýaly şa gyzy bolupdyr we ol öz ýurdundaky
ýaly gök öwsüp oturan baglary küýsäpdir. Patyşa öz aýalyny begendirmek hem-de
görlüp-eşidilmedik gözelligi bilen dünýäde şöhratlanjak bagy döretmegi ýüregine
düwüpdir.
Semiramidanyň asma bagy piramidany ýatladyp, ol dört sany gatdan we
küňreli eýwanlardan ybarat bolupdyr. Köşgüň her gatyny 25 metre barabar bolan
sütünler saklapdyr. Olaryň her biri deňi-taýy bolmadyk ösümlikler: güller, otlar,
agaçlar we gyrymsy agaçlar bilen bezelipdir. Nahallary we tohumlary Wawilonyň
ähli ýurdundan getiripdirler. Piramidanyň daşky görnüşi hemişe gök öwüsýän we
gülleýän baýra meňzäpdir. Sütünleriň bir boş ýerinde turba ýerleşipdir. Müňlerçe
adamlar derýadan suwy getirmek üçin gije-gündiz çarhy aýlap durupdyrlar we
şeýle usul arkaly bagy suwarypdyrlar. Bu owadan bag üýtgeşik gülleri, ýakymly,
salkyn howasy bilen Wawilondaky dünýä täsinligi hasaplanypdyr.
YMAMBERDI Orazgeldiýew,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby