Merdana türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr.
Häzirki ulanylýan kilometr, metr we ş.m. ýaly uzynlyk ölçeglerinden öň olara
derek adamyň synalarynyň – barmaklarynyň, eliniň, aýagynyň we ş.m. uzynlyklary
ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde
ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar. Olar şulardyr:
Barmak – 2 sm.
Sere – başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk,
takmynan, 19 sm hasaplanylýar.
Agsak sere – orta barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk,
takmynan, 12 sm.
Ker sere – külembike bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk,
takmynan, 15 sm.
Garyş – başam barmak bilen külembike barmagyň arasyndaky iň uzyn
aralyk, takmynan, 22 sm.
Gez – eliň barmagynyň ujundan tirsege çenli aralyk, iki garyş ýa-da 44 sm.
Gary – gerlen eliň barmagynyň ujundan döşe çenli aralyk, 2 gez ýa-da 88
sm.
Gulaç – gerlen iki eliň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk, 4 gez.
Sala gulaç – gerlip, arka tarap mümkin boldugyça öwrülen elleriň
barmaklarynyň ujuna çenli aralyk.
Hada – 1–3 gulaç.
Agaç – 12000 ädim, takmynan, 9 km.
Persah – takmynan, 6–7 km.
Menzil – bäş agaç ýa-da 25–45 km.
Daban – 27 sm.
FARIDA Kurbanbaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby