Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli, bolelin we bagtýar durmuşda ýaşamagy üçin çäksiz uly tagallalary durmuşa geçirýär. Muny häzirki wagtda beýik taryhy wakalara beslenýän döwrümiziň her bir gününde görmek bolýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurulýan täze, ajaýyp binalar, durmuş ähmiýetli desgalar, owadan seýilgähler we bagy-bossanlyklar onuň aýdyň mysalydyr. Olarda biziň ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir” syýasatyna berk eýerilýändigini aýdyň görmek bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda obadyr şäherlerimizi döwrebaplaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak babatda diýseň uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barlan işleri mysal getirmek bolar. Şeýle maksatnamalaýyn işler Watanymyzda yzygiderli dowam etdirilýär. Olaryň esasynda gurlan we ýene-de gurluşygy dowam etdirilýän ilatymyzyň bolelin we sagdyn durmuşda ýaşamaklaryna niýetlenilen birnäçe hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, çagalar baglaryny, orta mekdepleri, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we sport desgalaryny, şeýle hem suw geçiriji, lagym ulgamlaryny, awtomobil ýollaryny, gaz geçirijileri, elektrik geçiriji hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny mysal getirmek bolar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem bu maksatnamalaýyn işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bularyň ählisi döwrebap obalary döretmekde hem öz beýanyny tapýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze nusgalyk obalaryň ençemesi peýda boldy. Olarda durmuş düzüminiň ýokary ülňüleri döredildi, ýaşaýjylaryň ähli amatlyklary hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler üpjün edildi we ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy. Daşoguz welaýatyndaky Bagtyýar zaman, Lebap welaýatyndaky Berkarar zaman, Mary welaýatyndaky Döwletli zaman, şeýle hem Ahal welaýatyndaky Bereketli zaman obalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda şeýle täze ilatly ýerlerde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepleri we çagalar baglaryny, saglyk öýlerini hem-de medeniýet öýlerini, söwda, aragatnaşyk kärhanalaryny we beýleki desgalary özünde birleşdirýän zerur bolan düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna täze obalarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli şertlerde karz almaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ösüşiň netijeli milli nusgasy döredildi. Onda döwlet gurluşynyň ýörelgeleri adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny höweslendirmek, raýat institutlarynyň kuwwatyny açmak bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda oba ýerlerinde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumlarynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa durmuş ähmiýetli wakalardyr, çünki ozal oba ýaşaýjylary lukmançylyk barlagyndan geçmek üçin paýtagtymyza gitmeli bolýardylar we munuň üçin köp wagty hem-de serişdäni sarp edýärdiler. Indi bolsa halkymyz öz ýaşaýan ýerlerinde ýokary hilli lukmançylyk kömeginden peýdalanyp bilýärler.
Oba ilatyna döwrebap lukmançylyk kömegini bermek toplumlaýyn milli hem-de sebit maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Olarda döwlet ösüşiniň strategik ugurlarynda ol ýa-da beýleki welaýatyň serişdelerini has netijeli ulanmak maksady bilen sebitiň ösüşiniň aýratynlyklary nazara alynýar. Ilatyň zähmete ukyplylygy bilen gönüden-göni bagly raýatlarymyzyň saglygynyň ýagdaýynyň döwletimiziň tutuş ykdysady işjeňligine täsir edýändigi şübhesizdir. Ýöne türkmen döwletiniň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe bir halk hojalyk maksatlary däl, eýsem, ilkinji nobatda her bir raýatyň saglyga, döwrebap lukmançylyk hyzmatyna bolan mizemez hukugyny, ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň ilatyň ähli gatlaklaryna deň derejede elýeterliligini üpjün etmek maksady durýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň bu ynsanperwerlik ugry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giňden açyldy. Şunda ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, eýsem, jemgyýetçilik, döwlet we şahsy ileri tutulýan ugurlaryň derejesine geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli taraplaryny hem-de ugurlaryny gurşap aldy. Şunuň bilen baglylykda, adamyň abadançylygyna, onuň mynasyp durmuşyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Her bir welaýatyň çäk aýratynlyklaryny hem-de kuwwatyny, hojalyk gurluşyny, ulag-geografik ýagdaýyny nazara almak arkaly amala aşyrylýan döwlet, sebit syýasaty ähli çäkleriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine we ahyrky netijede, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen birinji mejlisiniň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeler oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakdan, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmekden, pudaga bazar usullaryny ornaşdyrmakdan hem-de hususy telekeçileri giňden çekmekden ybaratdyr.
Şol mejlisde Gahryman Arkadagymyz «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly ähmiýetli waka boldy. Bu Karar häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maldarçylyk hojalyklarynyň hasabyndaky gara mallar hem-de dowarlar, düýeler, guşlar ferma jaýlary bilen bilelikde kanunçylyga laýyklykda, tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar hem-de olara bellenen tertipde ýer bölekleri bölünip berilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki oba hojalyk önümini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny 10 ýyla çenli möhlete alyp bilerler. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, mehanizmleri hem-de gurallary, ekskawatorlary we buldozerleri, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almak üçin ýylda 1 göterim bilen karz berilýär. Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýylda 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlet bilen karz berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, daýhanlaryň zähmetini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Şeýle-de, häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly «CLAAS» hem-de «John Deere» kysymly tehnikalaryny dolandyrýan mehanizatorlar daýhanlarymyzyň hasylyny ýygnamakda uly ýardam berýär. Dünýäniň öňdebaryjy bu tehnikalarynyň öndürijilik kuwwatynyň ýokary bolşy ýaly, olaryň hasyly ýitgisiz ýygnamakda tapawutlydygyny bellemeli. Aýratyn-da, «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilensoň, birnäçe artykmaçlyklara eýedigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi.
Umuman, ýurdumyzyň gurulýan desgalar, döredilýän mümkinçilikler halkymyza döwrebap we bagtyýar durmuşda ýaşamaklaray üçin döredilýän ýokary derejedäki şertlerdir. Häzirki wagtda gurlup ulanylmaga berilýän “Akylly öýler” hem olaryň esasy bölegi hasaplanylýar. Bu ýaşaýyş jaýlarynda dünýäniň iň öňdebaryjy, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem watanymyzda halkymyz üçin edilýän aladalaryň, “Döwlet afam üçindir” syýasatynyň doly derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Elbetde, bularyň ählisiniň başynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary ýatyr. Halkymyzyň bolelin we asuda durmuşda ýaşamagy üçin beýik tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Enejan Welmuradowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyñ talyby.