2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap ähli plastmassa önümleri Malta
dükanlarynyň tekjelerinden ýok bolar diýip, "ÝewroPuls" habar berýär.
Olaryň arasynda: iýmit üçin gaplamalar, bir gezek ulanylýan gaplar, pagta we
şar taýaklary. Düzgün bozan satyjylar 2,5 müň ýewro çenli jerime tölemeli
bolarlar.
2021-nji ýyldan Maltada şeýle plastik önümleri satyn almak mümkin däldi,
sebäbi olary importirlemek bes edildi. Şol bir wagtyň özünde ýurduň içindäki ähli
önümçilik desgalary hem ýapyldy. Şeýlelik bilen dükanlar galan ätiýaçdaky
önümleri satyp aýyrdylar.
Täze çäreler – plastika garşy göreşmek üçin Ýewropanyň strategiýasynyň bir
bölegidir. 2030-njy ýyla çenli ÝB-de bu materialdan ýasalan gaplamalaryň
hemmesi gaýtadan işlener ýa-da gaýtadan ulanylar.
Birnäçe ýurt – Germaniýa, Çehiýa, Gresiýa, Ispaniýa, Sloweniýa, Horwatiýa-
käbir plastik görnüşleriniň satylmagyny eýýäm gadagan etdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Maltada 2022-nji ýyldan başlap bir gezeklik ulanylýan plastik önümleriniň satylmagy bes ederler
Maltada 2022-nji ýyldan başlap bir gezeklik ulanylýan plastik önümleriniň satylmagy bes ederler
