Awstraliýanyň Milli ýaryşy Aria hepdäniň iň gowy aýdym-saz albomlarynyň
sanawyny neşir etdi we ilkinji bäşligiň arasynda gaty üýtgeşik bir agzanyň bardygy
ýüze çykdy.
Awstraliýanyň 53 sany ýitip barýan we seýrek guşlarynyň aýdýan
aýdymlaryndan we gygyrýan seslerinden düzülen Songs of Disappearance ("Ýitrim
bolmagyň aýdymlary") atly albomy ýurduň iň köp diňlenýän 5 sany albomynyň
sanawyna girdi. Bu sesleri ses režissýory Dewid Stýuart 30 ýyllap ýazga aldy
üstesine-de käbir guşlaryň seslerini ýazga almak üçin olary yzarlap we birnäçe
sagatlap agaçlaryň düýbünde garaşmaly boldy.
Tebigy goraýyş guramasy BirdLife Australia bu ýazgylary ýitip barýan
guşlaryň görnüşleriň meselelerine ünsi çekmek üçin doly bahaly albom hökmünde
çykardy. Guramanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Awstraliýadaky her altynjy guş
ýitip gitmek howpy astyndadyr. 2019 we 2020-nji ýyllaryň weýrançylykly tokaý
ýangynlary sebäpli olaryň sany 25 göterim ýokarlandy. Albom satmakdan alnan
ähli girdeji daşky gurşawy goramak taslamalaryna gider.
Güljemal BATYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 102-nji toparynyñ talyby