Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
çuňňur many–mazmuna ýugrulan her bir işi, çykyşlary pelsepe häsiýetli beýleki
işlerden ähli babatda düýpli tapawutlanýar. Olarda düýpli filosofiki pikirler, çuň
mana ýugrulan ýörelgeler, gyzyla gaplaýmaly pähimler guraksy beýan edilmän,
çeperçiligiň şirin – şerbetine ýugrulýar. Ynsan kalbyny gurşap alýan, özüçe bendi
edýän jöwher pähim – paýhaslara, pikirlere çeperçilik lybasy geýdirilýär. Şol
pikirler sadadan düşnükli, gysga, emma gunt düşen ýaly agramly, manyly, janly
jümlelerde beýan edilýär. Şeýle bolansoň, ol daýhana-da, çopana-da, alyma-da,
döwlet işgärine-de deň derejede düşnükli. Adamyň aňyna tiz baryp ýetýän ol
jümleler okyjyny, diňleýjini ýadadanok. Okyjy her gezek täzeden okanda, täze
pikirleriň, täze pähim–paýhaslaryň üstünden barýar. Özüniň akyl käsesini täze
garaýyşlar, täze düşünjeler bilen baýlaşdyrýar. Bu ýagdaýlar çuň mazmunyň özüne
mynasyp çeper şekilde beýan edilendiginden habar berýär. Milli Liderimiziň
milletimiziň ylham akabasynyň paýhas gorlaryny yzygiderli öwrenmegi netijesinde
bu gün giň okyjylar köpçüligi “Paýhas çeşmesinden” gana-gana hem aňyna, hem
kalbyna röwşenlik kuýaşyny çaýdy. Ol – döwlet gurmakda äleme nusga görkezen
merdana milletimiziň paýhas çeşmesi. Ol – dünýä ylmynyň, medeniýetiniň,
edebiýatynyň ösüşine uly goşant goşan beýik şahyrlarymyzyň, alym-
akyldarlarymyzyň ömrüne, köňlüne şugla saçan paýhas çeşmesi. Has takygy, ol
halk nakyllarynyň, atalar sözleriniň bir ýere jemlenmesidir, durmuş
ensiklopediýasydyr. Şeýle bolansoň biz halk nakyllaryndan hojalyk gatnaşyklary,
pul, söwda bilen baglanyşykly nakyllardyr atalar sözi:
 Pul gapydan girende, iman tüýnükden çykar.
 Puly baryň agzy çeýnär, puly ýoguň gözi oýnar.
 Puly gara günüň üçin sakla.
 Puly ýoguň dili ýok, gözi ýoguň – ýüzi.
 Ylym satsaň – puluň, saklasaň – guluň.
 Pul bermez, bazar saklar.
 Pul bilen imanyň kimdedigi bilinmez.
 Pul bolsa, jeňňelde çorba.
 Pul puly tapar, mal – maly.
 Pul puly tapar, şerigat – ýoly.
 Pul tapsaň, sanap gör, dost tapsaň – synap.
 Puluň bolsa gapjykda, işiň biter her çakda.
 Puluň gidenine bakma-da, işiň bitenine bak.
 Puly gazanmak aňsat, saklamak kyn.
 Sanly pul durumsyz bolar.

 Şyk-şyk edýän naldyr, iş bitirýän puldur.
 Üstümi pullar, ýüregimi daglar.
 Eli asylly, kisesi pully.
 Hünäriň puly – ojaryň küli.
 Ýeri ýarpa alan gursun, puly bisarpa – tutan.
 Çekeleşiksiz söwda ýok, zyýansyz – peýda.
 Söwda et-de, ataňy ut.
 Söwda küşat – ömür zyýat.
 Söwdanyň dosty bolmaz.
 Deňizde balyk söwdasy bolmaz.

Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.