Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri jemgyýetiň intellektual
potensialynyň görkezijisi bolan ylmyň has-da rowaçlanýan döwri. Bu ösüş taryh
ylmy üçin hem mahsus. Munuň özi gadymyýetde dünýä ýaň salan beýik türkmen
döwletlerinde ykdysady işiň ýola goýluşy, hojalyk gatnaşyklary barada anyk
maglumatlary özünde jemleýän ýazuw ýadygärlikleri, taryhy çeşmeler bilen içgin
tanyşmaga şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, “Halkymyzyň ýaşaýşynyň ykdysady
binýadynyň, hojalyk işiniň köpugurlaýyn häsiýetlidigi – maldarçylyk, ekerançylyk,
ýüpekçilik, pagtaçylyk, giň söwda işi, başga ýurtlara ýörişleriň amala aşyrylmagy
ýa-da daşary ýurtlularyň biziň topragymyza gelmegi bilen bagly ýagdaýlar halk
ertekilerinde, rowaýatlarynda şöhlelendirilmegi üçin esas bolupdyr.(32sah.)
Milli Liderimiziň gürrüňi edilýän kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary,
onuň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýetirýän täsiri we kerwen gatnan gadymy
ýoly dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada düýpli söhbet açylýar.
“Munuň özi gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça gatnan kerwenleriň
ähmiýetine goýulýan hormat-sarpanyň ýokary bolandygyndan habar berýär. Şoňa
görä-de döwlet hem, argyşçylar hem söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna,
hakykatdan hem, gyzyklanma bildiripdirler. Hökümdarlar şäheriň etegindäki
kerwen ýollarynda paç almakdan – gümrük salgydyndan girdeji alypdyrlar. Şol
girdejini ýitirmezlik üçin, Aziýa ýurtlarynyň hökümdarlary täjirleriň ýolda
howpsuzlygyny üpjün edýän berk kanunlary kabul edipdirler. Söwdada, esasan,
alyş-çalyş edilipdir, pul hasabynyň birligini saklamak üçin gerek bolupdyr. Täjirler
öz harytlaryna kesgitli nyrh kesipdirler, soňundan şol bahadaky haryt bilen
çalşypdyrlar. Kerwenler onlarça ýükçi mallardan başlap, birnäçe müňläp ýükçi
mallardan düzülipdir. Mallara hyzmatkärler hem-de ýolbeletler ideg edipdirler.
Şolar ýaly uly kerwenleri, esasan hem, gyşda, adamlary, ýük mallaryny oňaýly
ýerleşdirip, azykdyr suw bilen üpjün etmek ýeňil bolmandyr. Şonuň üçinem
söwda-hünärmentçilik şäherleriniň, kerwensaraýlaryň ýakynynda giň
ekinzarlyklar, dürli görnüşli daýhançylyk önümleriniň önümçiligi döräpdir. Haryt
daşamakda ulag we beýleki meselelere jogap berýän belli täjirler, hatda ýörite
kompaniýalar hem bar ekeni. Söwdanyň ösmeginde göçüp-gonup ýören çarwa
maldarlaryň hyzmaty uly bolupdyr. Olar kerwenleri ugradypdyrlar, huruşlyk dowar
hem-de ulag mallaryny getiripdirler. Şeýdip olar tutuş neberesi bilen şu ugra
gönügipdirler. Şolaryň ýardamy bolmazdan, kerwen söwdasy beýle rowaçlanyp
bilmezdi. Kerwene, köplenç, dürli maksatly ýolagçylar, zyýaratçylar, derwüşler,

syýahatçylar, alymlar, dini wagyzçylar, rawy-kyssaçylar, şeýle hem, elbetde,
içalylar hem goşulypdyr. Kerwende, köplenç, dilmaç saklanypdyr. Kerwen
söwdasy çylşyrymly hyzmat ediş ulgamyny talap edipdir. Argyşa barýanlaryň
möhümini ýerine salmak aňsat bolmandyr. Şonuň üçin ýoluň ugrundaky obadyr
şäherlerde düşleg üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Onda täjirler hem-de hyzmatçy
topar üçin ýörite hüjreler, atlar hem-de düýeler, gatyrdyr eşekler üçin ýörite ýerler
bolup, zerur azyk-suwluk hem-de ot-iým bar ekeni. Diýarymyzda kerwensaraýlary
gurmagyň we olarda milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda hyzmat etmegiň
örän baý tejribesi toplanypdyr. Eger-de argyşçylar san taýdan az bolsa, onda oba
ýerlerinde ýaşuly-kethudalaryň howlularynda, gurply hojalyklarda ýörite guralýan
ak öýlerde ýa-da myhman tamlarda garşy alnypdyr. Uly şäherlerde çarbagly,
serhowuzly, gül-çemenzarlyga beslenen seýilgähli kaşaň myhmanhanalar –
kerwensaraýlar bina edilipdir. Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Bagabat, Nusaý,
Dehistan ýaly şäherlerde kerwensaraýlaryň, ýörite gurlan uly howlularyň yzlary
ýüze çykaryldy. Mysal üçin, orta asyr Dehistan şäherinde dynç almaga, saglygyňy
dikeltmäge ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulan kerwensaraýlaryň
üçüsiniň arheologik galyndylarynyň alymlar tarapyndan üsti açyldy. Şeýle täsin
gurluşly binalaryň galyndylary, gadymy Merwdäki Gurtludepe, Köneürgenç
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Daşgala arheologik meýdançanyň
çäginde gurlan kerwensaraýyň äpet girelgesiniň galyndylary biziň döwrümize çenli
gelip ýetipdir. Eziz Watanymyzda duş gelýän gadymy myhmanhanalaryň iň ajaýyp
binagärlik nusgasy Daýahatyn kerwensaraýydyr. Ol XI asyrda Amuldan çykyp,
Amyderýanyň kenary bilen Horezmiň paýtagty Köneürgenje barýan söwda
ýolunyň ugrunda, häzirki Birata etrabynyň Gabakly obasynyň çäginde ýerleşýär.
Bu binagärlik gurluşy tutuş sebitde şeýle maksada hyzmat eden orta asyr
binalarynyň abat saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr. Merwiň guwanjy diňe
bazarlary däldi. Dürli döwürlerde hökümdarlar tarapyndan bu ýerde altyn, kümüş
hem-de mis şaýylyklar zikgelenipdir. Uzak asyrlaryň dowamynda Merw Orta
Aziýada iň belli metal işleýän merkezleriň biri bolupdyr.” (124sah.)
Mahlasy, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi” kitaby geçmişde milli ykdysadyýetimiziň guralyşyny öwrenmekde
gymmatly ylmy çeşmedir.

Mährijemal Hapyzowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.