Grek-makedon goşunlary bilen bilelikde miladydan öňki IV asyrda
Türkmenistana gelen ikinji ýazuw ulgamydyr. Aleksandr Makedonskiniň
imperiýasy we Selewkiler döwleti (olaryň düzümine Türkmenistan hem giripdir)
darganlaryndan soň, grek dili we haty, beýik Parfiýa döwletiniň dowam eden
döwrüniň birinji ýarymynda giňden ulanylyp gelipdir. Ilkinji parfiýan
patyşalarynyň dürli binalaryň ýüzüne ýazdyran resmi ýazgylary, adatça, üç dilde,
parfiýan, orta pars we grek dillerinde berjaý edilipdir. Şeýle-de, ýurduň şateňňeleri
grek dilinde we grek haty bilen parfiýan patyşasy Wologez I (51-78) döwrüne çenli
zikgelenip gelnipdir. Täjigistanda we Owganystanda (gadymy Grek-Baktriýa
döwletiniň çäklerinde) grek elipbiýiniň esasynda I asyrda baktriý haty döredilipdir.
Baktriýalylardan bu ýazuw ulgamy beýik kuşanlaryň, hionileriň we eftalylaryň
döwletlerine geçipdir. Olarda ol saktohar we eftaly dilleri uçin ulanylypdyr. Grek
haty Türkmenistandan VII-VIII asyrlarda yslam dini we arap elipbiýi tarapyndan
gutamykly gysylyp çykarylypdyr.
Güljemal MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby