Şpreý derýasynyň boýunda 30 ýyl mundan öň ýykylyp-ýumrulan Berlin diwary ýubileý sene mynasybetli neon yşyklary we wideoproýeksiýa görnüşinde gaýtadan dikeldildi, diýip euronews habar berýär.
150 metre çenli uzan mawy şöhlelenmäniň fonunda yzygiderli ýagdaýda 140 sany yşyk ýanyp öçýär. Olar diwardan aşyp geçmäge synanyşyk edip, aradan çykanlary ýatladýar.
Duşenbe güni Berliniň häkimi Maýkl Mýuller Aleksanderplas meýdançasynda ýatlama dabarasyny açdy. Bu meýdança Berliniň iki bölegi birleşýänçä, Gündogar Berlinde ýerleşýärdi.
«Biz şol günleriň ýatlamasyny dikeltmek, şeýle hem şol wagtdan bäri geçilen çoly görkezmek isledik. Bu ýol ýeňil bolmady, ýöne bir şonda-da esasy zady gazandyk: bu gün biz bilelikde, parahat we erkin ýaşaýarys» – diýip Mýuller aýtdy.
Bu ýerde – Aleksanderplasda 1989-njy ýylyň 4-nji noýabrynda GDR-niň taryhynda iň iri protest çäresi geçirildi. Şol wakalar hem äpet ekranlara öwrülen jaýlaryň diwarlarynda janlandyrylypdyr.