Iň şowhunly hasaplanýan baýramçylyklaryň biri bolan täze ýylyň gahrymany Aýaz baba, köp ýurtlarda “Santa Klaus” diýlip atlandyrylýar. Santa Klaus barada şeýleräk rowaýat bar.

Onuň döreýşi barada any maglumat ýok, ýöne ol demirgazyk polýusda ýaşap geçipdir. Rowaýatlara görä ol güzeranyny kynlyk bilen dolandyrýan maşgalalara kömek berer eken. Has takyklap aýtsak, täze ýyldan bir gün öň garyp maşgalalaryň pejiniň turbasyndan içi pully gapjygy oklapdyr. Emma käbir rowaýatlarda ol pejiň turbasyndan öýüň içine girip täze ýyl arçasynyň aşagynda her kim üçin ýörite niýetlenen sowgatlary goýar eken.

Santa Klaus barada başgada birnäçe gyzykly maglumatlar hem bar. Geliň olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň!

***

Çagalykdan bäri ählimiziň ýadymyzda galan Santa Kalusyň keşbi soň döreýär. Santa Klausy sugunsy göz öňüne getirip bilmeýäris. Onuň 9 suguny bolup, olar: Deşer, Denser, Prenser, Wiksen, Komet, Kýup, Donner Bliksem, Rudolf diýlip atlandyrylýar. 8 sugun iki hatara düzülen görnüşde bolup, Rudolf olaryň başyny çekipdir.

***

Rus aýazbabasy öz doglan gününi 18-nji noýabrda belleýär

***

Ilkinji gezek Aýazbaba bilen täze ýyl arçasyny bir bitewilige öwürmek 1886-njy ýyldan başlanýar.

***

Finlandiýanyň poçta gullugyna Aýazbaba ýazylan hatlar gelip, olara jogap berilýän ýörite bölüm hereket edýär.

***

Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş paslynyň ýoklugy sebäpli, olar aýaz babany “Kambodjoda” diýip atlandyrýarlar. Onuň manysy “gyzgyn baba diýmegi aňladýar.

***

Biziň ýurdumyzda Aýaz baba täze ýyl gijesi öýme-öý aýlanyp iň gowy arzuwlar bilen çagalara goşgy aýtdyryp ornuna sowgat berýär.

Bagtyýar AŞYROW,

TDBGI-niniň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.