Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Asly şahandaz halkymyz ýene-de bir uly baýramlaryň biri bolan Täze ýyl baýramyny uludan garşy alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerleri toý donuna beslendi. Elbetde, bularyň ählisi döwletliligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Gapymyzda duran täze ýylymyzyň halkymyz tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagyny teklip edilmeginiň özi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin durmuşa geçirilýän beýik işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

      Her bir güni taryhy senelere, belent üstünliklere eýe bolýan mähriban Watanymyzyň “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem uly ösüşlere beslendi. Ähli ulgamlarda ykdysadyýetde, medeniýetde, syýasatda ylym-bilimde we beýleki ugurlarda ýokary netijeler gazanyldy. Watanymyzyň şeýle ösüşlere eýe bolandygyny  halkara derejesindäki tutýan ornundan hem görmek bolýar. Ýagny, oňa şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ol ýerde çykyş etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy eziz ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň uludygyna hem-de milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, geçen ýyl  ýurdumyz Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wise-başlyklyk etdi.  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň sentýabr aýynyň 14-ine başlanan 76-njy mejlisde hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň birnäçesi öňe sürler. Bu mejlisiň barşynda Türkmenistan tarapyndan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň birnäçesiniň duşuşyklary, Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmagy, “Merkezi Aziýa – Hazar sebiti” atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy, Aşgabatda Terrorçylyga garşy müdirligiň täze maksatnamalaýyn edarasynyň görnüşini kesgitlemek, Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça ählumumy forumy geçirmek baradaky garaşýyşlary geosyýasy giňişlikde öz mynasyp ornuny tapar.

Şeýle hem şu ýylda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammiti hem Türkmenistan üçin taryhy wakalaryň biri boldy. Çünki, duşuşykda Türkmenistana türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesi berildi. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşynda “Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda wajyp orny eýelemäge ukyplydyr” diýip belläp geçdi. Hakykatdan hem, türki dilli ýurtlar bilelikde öňe sürýän garaýyşlary umumadamzadyň hatyrasyna sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda aýratyn bellemeli halkara duşuşyklaryň biri hem noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegidir. Onda gurama agza ýurtlaryň 9-sy ýokary derejeli wekiliýetler, köp sanly myhmanlar garşylanan bu sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek we geljek üçin wezipeleri kesgitlemek babatda ýakyndan pikirler alşyldy.

YHG-nyň 15-nji sammitiniň ahyrynda Jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň biragyzdan kabul edilendigini aýratyn bellemek zerurdyr. Bu resminama sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine we howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly itergi berer. Hut şu babatda hem bilelikdäki tagallalar örän wajyp orna eýedir. Ýurdumyzyň şular ýaly halkara guramalaryň sammitine başlyklyk etmegi we onuň netijesinde umumadamzat bähbitli täze ugurlaryň kesgitlenilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň dünýä ýüzünde ykrar tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýakynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde maslahat geçirildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk konsertleri, dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk baýramy mynasybetli ýörite geçirilen dabarada gatnaşyp, onda özüniň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze düzen goşgusyny aýdyp bermegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Watanyň Gahryman oglunyň näderejede parahatlyk, asudalyk ýaly asylly garaýyşlar öňe sürýändigine bu ajaýyp goşgyny okanyňda göz ýetirmek bolýar.

Ýalňyşlary düzedeliň,

Sylalyň birek-biregi!

Ýamanlykdan ýüz öwreliň,

Ynamdyr dünýäň diregi!

Halklar bir jebis maşgala.

Ýaşasyn parahat durmuş!

Umuman, aýdanymyzda dünýä ýüzünde özüniň parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny ýöredýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini sanasaň sogaby kän diýenleri…Üstümizdäki duran ýylda ýetilen şeýle belent sepgitler täze ýylda hem dowamat dowam bolsun!  Halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Täze ýyl baýramlaryňyz gutly, mübärek bolsun!

Merdan ÝOWBASAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.