Bu ýerde biz öz statusy boýunça  döwlet  edarasynyň işgäri  bolan ýa-da telekeçilik bilen meşgullanyp, işjeň gatnaşyklara,şol sanda daşary ýurtly işewürler bilen geçirilýän gepleşiklere yzgiderli girişýän zenan maşgalalara degişli käbir rmaslahatlary bermekçi bolýarys. Emma bu maslahatlaryň milli egin-eşigi  geýinmegi halaýan  türkmen  gelin-gyzlaryna dolulygyna däl-de, belli bir derejede peýdaly bolup biljekligini öňünden ýatlatmakçy bolýarys.

Biziň bermekçi bolýan maslahatlarymyz, esasan, aşakdakylardan ybarat:

  • Zenan maşgalanyň göwresiniň käbir kemçiliklerini açyk reňkli, göze ilginçiräk şekilleri bolan matadan tikilen  köýnekler arkaly gizlemek mümkin. Şeýle şekiller biliň biraz ýognaslygy, egniň az-kem küýküräkligi  ýaly  kemçilkleriň  göze ilip durmazlygyna ýardam berýär.
  • Uzyn boýly zenan maşgalalara kiçijik sumkalary,kelte boýly zenan maşgalalara bolsa, uly  sumkalary götermek maslahat berilmeýär.
  • Dolmuş zenan maşgalalara çyzyklary wertikallaýyn (dikligine) egin-eşikleri geýmek maslahat berilýär. Şeýle hem olara goýy rehkli matalardan tikilen eşikleri geýmek maslahat berilýär.
  • Ýognasyrak göwresi bolan gelin-gyzlara matasynyň ýüzünde iri şekiller bolan eşikleri we ýakasy ullakan keşdeli köýnekleri geýmeklik maslahat berilmeýär.
  • Hortaňyrak gelin gyzlara giňişiräk ýubkalary geýmek maslahat berilýär.
  • Iň esasy masahat: islendik egin-eşik zenan maşgalanyň ýaş aýratynlygyna we onuň şahsy häsiýetine laýyk gelmeli. Ýaşy uly zenan maşgalalara ýaş gyzlar ýaly geýinjek bolmagyň gelişikli däldigi öz-özünden düşnüklidir. Häsiýeti boýunça utanjaňyrak we arzuwçylyrak gyzlara öz köýnegi bilen bilelikde goşmaça aksessuarlary (açyk reňkli elwan ýaglyk, şarf ýaly edilip boýna  daňylýan owadan ýüpek öýme we ş.m. zatlary) ulanmak maslahat berilse, çalasyn hereketleri etmegi halaýan,  özüni kähalat ýetginjek oglan kimin alyp barmagy gowy görýän,  aýaklaryny uzyn ädimläp ýöreýän ýaş gyzlara sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen eşiklere meňzeşräk eginbaş geýinmekleri maslahat berilýär.
  • 40-50 ýaşlaryndaky zenan maşgalalara gysga ýubka ýa-da biliniň daşyndan inli kemer dakynmak maslahat berilmeýär.
  • Çendenaşaak ýüzli gelin-gyzlarak we açyk mawy reňkli egin-eşikleri, ýaňaklary gyzylymtyrak gelin-gyzlara bolsa, açyk gyrmyzy reňkli egin-eşikleri geýinmek maslahat berilmeýär.
  • Zenan maşgalalaryň imijine aýgytly täsir edýän zatlaryň biri hem olaryň öz saçlaryny timarlaşydyr. Edaralarda işleýän gelin-gyzlara iş ýerinde saçlaryň ýönekeýrak timarlanyş usulyndan peýdalanmak maslahat berilýär. Saç göze ilginç reňkler bilen boýalan bolmaly däl. Eger-de saç reňklenen bolsa, ol zenan maşgalanyň ýüzüniň we gözüniň reňkine laýyk gelmeli. Saçyň uzynlygy ortaça bolmaly, sebäbi gaty uzyn saç hem, artymaç kelteldilen saç hem işleýän gelin-gyzlara gelişik bermeýär.
  • Zenan maşgalanyň egnindäki eşigi bilen onuň ulanýan aksessurlary (mysal üçin, sumkasy) birmeňzeş reňkde bolmaly. Umuman, edarada işleýän gelin-gyzlaryň egin-eşik ansamblynda iki reňkden artykmaç reňk ulanylmak gowy hasaplanylýar. Mysal üçin,  goýy gyrmyzy köýnek ýa-da palto bilen gara köwüş geýilse, olar biri-birlerine laýyk gelýär. Ýöne zenan maşgala öz gyzyl köýneginiň üstünden gyzyl palto  ýa-da plaş geýse, kellesine ýa-da boýnuna gyzyl ýaglyk daňynsa, aýagyna-da gyzyl köwüş, ellerine-de gyzyl ellik geýse welin, gaty gelişiksiz  görnüş emele gelýär.
  • Zenan maşgalalar öz egin-eşiklerinde haýsy reňkleriň biri-birlerine laýyk gelýänligini hökman göz öňünde tutmaly. Sary we goňur reňkler, mysal üçin, ýaşyl reňk bilen, gyzyl reňk bolsa ak we gara reňkler bilen sazlaşýar.
  • Edarada işleýän gelin-gyzlara aýak gaby ýalaňaç aýagyna geýmek maslahat berilmeýär. Ýylyň haýsy pasylydygyna garamazdan, islendik aýakgap jorap bilen ýa-da çulki bilen geýilmeli.
  • Iş ýerinde ökjesi artykmaç beýik bolan köwüşleri geýmek ýa-da öýde geýilýän  “şypbygy”  geýip, aýlanyp ýörmek gelişikli hasaplanylmaýar.
  • Boýy kelte we bilinden aşagy ýognas bolan gelin-gyzlara bili artykmaç inçeldilen köýnekleri geýmek, bilerinden gaty daňylan kemer aýlamak maslahat berilmeýär.
  • Göwresi ýognasrak gelin-gyzlara gysbybiçilen köýnekleri geýmek maslahat berilmeýär.
  • Boýny hortaň we uzyn bolan zenan maşgalalar ýakasy döşüniň aşaky bölegine golaý açyklykda  bolan köýnekleri geýmek maslahat berilmeýär. Emma boýny ýognasrak we kelteräk bolan zenanlar welin, ýakasy döşe çenli açyk bolan köýnekleri geýip bilýärler.
  • Eginlek gelin-gyzlar öz eginlerine ýeňi reglan biçüwli köýnegi geýip, öz egniniň kemçiligini gizläp bilýärler.
  • Boýy gatykeltewe ýognasyrak göwresi bolan gelin-gyzlara endamyna ýelmeşip duran ýaly biçüwli köýnekleri geýmek maslahat berilmeýär. Şeýle köýnekler olaryň göwresiniň käbir kemçilikeriniň daş-töwrekdäkileriň üns merkezine düşmegine esas döredýär.
  • Matasynda irimçik nagyşlar ýa-da keseleýin uzyn çyzyklar bolan köýnekler gapdaldan seredilen-de, göwräni ýognas görkezýän bolsa, maýda keşdesi we dikleýin çyzyklary bolan köýnekler göwräni biraz inçeldýär.

Edarada işleýän zenan  maşgala gelişikli eşikler we gowy timarlanan saç  bilen bir hatarda onuň öz ýany bilen göterýän sumkasy (ýan torbasy) hem aýratyn rol oýnaýar. Sumkalar zenan maşgalanyň egnindäki eşikleri, daşky görnüşi, ýaşy we sosial statusy bien sazlaşykly saýlanyp alynmaly.

Edarada işleýän gelin-gyzlaryň sumkasynyň korpusy gaty we göni formaly bolup, ol göwrümi boýunça ortalyk derejede,in iweuzynlygy boýunça A4 kagyz listiniň ölçeginde, dörtburçlyk (kwadrat ýa-da trapesiýa görnüşinde) şekilli bolsa dogry hasaplanylýar.

 

Sumkanyň inliligieýesiniň göwresiniň inçemikligine ýa-da ýognaslygyna laýykgelmeli. Inçemik göwresi bolan gelin-gyzlara ini uly bolmadyk sumkalary götermek maslahat berilýär. Sumkalar gowy eýlenen deriden bolup, onuň daşyt ekiz bolsa gowy. Sumkanyň içinde dürli zatlar üçin aýratyn bölümler bolup, olarda zenan maşgala üçin iş ýerinde iň zerur bolan zatlar (äýnek gutysy, wizit kartlary üçin niýetlenen guty, pul gapjygy, maşynyň we öýiň açarlary, elýaglygy, çig salfetkalar bukjasy, kiçijik kosmetika gapyrjagy, mobil telephony, ruçka, organaýzer) ýerleşdirilmeli.

Ahunowa Merjen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby