Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Dünýäde innowasiýalara esaslanýan täze düzümler güýçli depginde durmuşa ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy tejribeler ykdysady ösüşiň döwrebap talabyny berjaý etmäge ukyplydygyny barha giňden äşgär edýär.

Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda milli Liderimiziň alyp barýan iri möçberli taslamalary şeýle hem häzirki wagtda hereket edýän täze awtomibil, demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle tasalamalaryň durmuşa geçmegi ýurdumyzda sanly ulag ulgamynyň kemala gelmegine getirmegi hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda ileri tutulýan işleriň biri hasaplanýar. Müşderilere hyzmatyň hilini we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak bilen ulgamy sanlaşdyrmakda alnyp barylýan işleri çaltlaşdyrmak, bu ulgamda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň esasy maksady bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, öndürilýän islendik önümi talabalaýyk ýagdaýda sarp edijä ýetirmäk zerurlygy döreýär. Bu ugurda diňe bir ulag däl, islendik bir serişdäni bir ugurdan beýlekisine gysga ugurlar arkaly daşalmagyny üpjün etmek zerur şertleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag we awtomobil ýollarynyň ösen ulgamyny gurmagyň hasabyna Demirgazyk – Günorta, Günbatar – Gündogar aralygynda logistik düzümiň köpşahaly ulgamy döreýär. Ol bolsa özünde Hazar we Gara deňizlerinde, Baltika sebitinde üstaşyr geçelgeleri döredýär. Şeýle hem Türmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly uly taslamalar bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge şert döredýär. Soňky ýyllarda daşary ýurt tejribesini ulanyp howa arkaly ýük gatnaw işlerini amala aşyrmak, multidodal geçelgeleri ösdürmek arkaly ýükleriň geçirijiligini ýokarlandyrmak kagyz resminama dolanyşygyny azaltmagyň hasabyna artdyryp bolýandygyny görkezýar.

Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 YSLAM TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ 

 Inžener Mehanika fakultetiniň

 uly mugallymy