23-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Saparyň
dowamynda wise-premýer welaýatyň bazarlaryna aýlanyp, ilata edilýän
hyzmatlaryň medeniýeti, söwdanyň guralyşy, bazarlara çykarylýan harytlaryň,
gök we miwe önümleriň görnüşleri, olaryň nyrh ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow welaýatyň bazarlarynda bolmagyň çäklerinde,
sebitde Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň
möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça wise-premýer
Serdar Berdimuhamedow mundan ozal Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda iş
saparynda bolup, ol ýerde ilaty zerur bolan harytlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp
barylýan işler bilen ýerinde tanyşdy.