Taryhda ilkinji tekst görnüşindäki SMS NFT hökmünde auksion satuwyna çykarylar. Bu
barada ferra.ru tarapyndan habar berildi.
Netijede, NFT-tokeniň eýesi taryhdaky ilkinji SMS-e eýe bolar. Dünýädäki ilkinji SMS
habarnamasy şeýle sözlerden ybarat: "Merry Christmas" ("Täze ýyl gutly bolsun"). Ol 1992-
nji ýylyň dekabrynda Orbitel 901 telefonyndan iberildi. Inžener Nil Papwort tarapyndan
iberilen bu habarnamany Vodafone-yň müdiri Riçard Jarwis kabul etdi. Şol wagt inžener
kompaniýanyň gysga habar hyzmatynyň üstünde (SMS) işleýärdi.
Gürrüň sanly obýektiň özboluşlylygynyň şahadatnamasy bolan çalşylmaýan tokenler (NFT)
hakda barýar. Ol, öz gezeginde, sanly aktiwe eýe bolmak hukugyny tassyklaýar. Şundan
görnüşi ýaly, Vodafone indi habarnamanyň wirtual nusgasyny NFT hökmünde satýar. Onuň
225 müň dollara satyn alynmagyna garaşylýar.
Maýagözel MYRATGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby