Uly sebit guramalarynyň biri bolan Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygy oňa girýän döwletler tarapyndan 1991-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Bu iri sebit guramasynyň esasy maksady, onuň düzümindäki döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy we dost-doganlygy öňe sürýän köpugurly syýasaty esasynda GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşýar. Şonuň esasynda hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen çykyş edýär.

Her ýylda yzygiderli geçirilýän bu sammitiň 28-nji dekabrda Sankt-Peterburgda geçirilen soňky mejlisinde hormatly Prezidentimiz hem çykyş edip, häzirki döwrüň ählumumy meseleleri barada biziň döwletimiz tarapyndan täze başlangyçlary öňe sürdi. Esasan hem GDA giňişliginde biologik howpsuzlygyň howplary barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda dünýä ýüzünde giňden ýaýran pandemiýanyň öňüni almak boýunça hem ýurdumyzda alnyp barylýan işler, şeýle-de, bu babatda halkara arenasyndaky görülýän öňüni alyş çäreleri ýokarlandyrmakdaky hyzmatdaşlyklar barada beýan etdi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny hakykat ýüzünde aýdyň şöhlelendirýär. Sebäbi dünýäni howpa goýan bu keseliň öňüni almak umumadamzat meselesi bolup, ol ähli halklary we umumy maksatlary bir ýere jemleýär.

Häzirki wagtda döwletimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyk, netijeli gatnaşyklar hem-de özara bähbitli, uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin meýdança hökmünde garaýar. Şeýle hem guramanyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerinde hemişe işjeň orny eýeleýär. Ony GDA-ny 2030-njy ýyla çenli ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasynda bilelikdäki ýola goýulýan köptaraplaýyn gatnaşyklarda hem aýdyň görmek bolýar. Onda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Umuman aýdanymyzda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň GDA-nyň düzümindäki orny örän uludyr. Elbetde, onuň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan maksatnamalaýyn işleri, beýik tutumlary ýatyr. Halkyny baky bagtyýar, eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Muhammet NARMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler minostrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.