Huawei kompaniýasy OS HarmonyOS operasion ulgamy bilen işleýän özüniň akylly äýneklerini çykarandygyny habar berdi. Enjam baradaky mahabat, tehnologiýa ägirdiniň resmi Weibo hasabynda peýda boldy.

Gadjet Huawei Smart Glass diýen ady alar. Bu äýnegiň tutarlaryna süňk geçiriji dinamikler oturdylar. Olar gadjete, beýleki Huawei enjamlary bilen integrasiýada we ses buýruklarynda kömek eder.

Bu modeliň aýratynlygy, linzalaryň ikisini-de bir bitewi ýaly edip üýtgedip bolýar, öň panel bolsa magnidiň kömegi bilen çarçuwada berkidilýär. Bu çözüw, şol bir akylly enjama, hem günden goranmak hem-de okamak üçin äýnek hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

OS HarmonyOS goldawly Huawei Smart Glass ýakyn günlerde tanşdyrylar. Akylly äýnegiň bahasy we global wersiýanyň çykaryljak senesi aýan edilmedi.