Ýaltadaky Mriya Resort&SPA şypahanalar toplumy World Travel Awards görä dünýäde iň gowulary diýlip ykrar edildi diýip, şypahananyň metbugat gullugy habar berýär.
Şypahanalar toplumy bu ýyl üç nominasiýa boýunça baýrak aldy: “Dünýäniň iň gowy şypahanasy”, “Willalary bilen iň gowy premium maşgala şypahanasy” we “Dünýäniň iň gowy sagaldyş şypahanasy”.
“Biz örän uzak ýoly geçdik we her bir dynç alyp gaýdanyň ýenede yzyna dolanyp gelmek isleýän ýerini döretmegi başardyk” -diýip, Mriya Resort & SPA baş müdiri Samwel Saruhanýan gürrüň berdi.
Bu baýragy, şypahananyň eýýäm yzly-yzyna ýedinji gezek alýandygy aýdyňlaşdyryldy. Umuman alanyňda, 2014-nji ýylda açylan bu toplum, gysga wagtyň dowamynda myhmansöýerlik pudagynda 50-den gowrak baýrak aldy, olaryň 21 sanysy halkara, 24 sanysy Ýewropa we dokuz sanysy Rus baýraklary.