Berhiz lukmany Dueýn Mellor ýer almanyň peýdasy hakynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu önümi iýmegi çäklendirmegiň hiç hili zerurlygy ýok. Sebäbi ol saglyk üçin örän peýdaly. Bu barada msn.com habar berýär.
Bu önüm, hususan-da, C witaminine baýdyr. 150 gram ýer almada bu witaminiň gündelik zerur mukdarynyň 15%-ini öz içine alýar. Ýer alma immunitetiň işleýşine oňyn täsir edýär we bogunlar üçin zerur bolan birleşdiriji dokumanyň döremegine kömek edýär. Mundan başga-da, ol bedende fermentleriň işlemegi üçin peýdaly bolan B6 witaminine baýdyr.
Şeýle hem lukman ýer almanyň nerw ulgamynyň durnukly bolmagyna hem goşant goşýandygyny belläp geçdi. Lukman bu önümiň ýokumy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýer almanyň ýokumynyň bananyňkydan has azdygyny aýtdy we artykmaç agram almazlyk üüçin ony gaýnatmagy ýa-da buglamagy maslahat berdi.
Yegenmyradowa Oguldurdy,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby