Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň okyjylara serpaý ýapan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” atly ajaýyp ylmy-filosofik eserinde milletimiziň müdimilik hemra edinen döwletlilik ýörelgeleriniň, ahlak gymmatlyklarynyň üsti bilen häzirki döwrüň durmuş filosofiýasy giňişleýin beýan edilýär. Bu kitap milletimiziň asyrlar aşyp gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň pelsepewi teswirleriniň bir ýere jemlenmesidir. Milli mirasymyzy halkyň kalbyna, geçmişiň ýaňyna deňeýän Döwlet Baştutanymyzyň şeýle uly tagallalary ýöne ýerden däl. Döwletliligiň, ynsanperwerligiň, ynanyşmagyň hem-de edep-ekramyň gözbaşlary, esasan, öňden gelýän kämil ýörelgelerimize daýanýar. Şu ýerde bir zady nygtamak gerek. Häzirki zamanyň esasy aýratynlygy hökmünde häsiýetlenýän ýyllara at dakmak däbi, olaryň düýp mazmunynda milli gymmatlyklarymyzyň hem-de milletimiziň paýhas mekdebiniň ägirtleriniň gymmaty egsilmejek parasatly pikirleriniň orun tapmagy ynsanperwerligiň amaly tarapynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ynsan ykbalyna biparh garamazlyk duýgusy örboýuna galýar. Döwletiň her bir raýatynyň ägirt uly alada bilen gurşalmagy, ýer ýüzüniň halklarynyň birek-birege ynam bildirip, parahatçylykda ýaşamaklary üçin dünýäniň iň mertebeli münberinden edilen teklipler şu döwrüň baş ýörelgesiniň, filosofiki binýadynyň esasyny goýýar. Ol hem adam sarpasynyň iň ýokary göteriliş derejesi bilen berk baglanyşyklydyr. Ynsan sarpasy arşa barabardyr. Şu ýerde Jygaly begiň agtygy Görogla: “Bir garyp aglap duranda, ýanynda gülüji bolma” diýen pendi ýa-da diwana derwüşleriň dilleriniň senasyna öwrülen “Iller ýagşy, men ýaman, iller bugdaý, men saman” kimin setirleri milletimiziň ruhy sütünleriniň yranmazlygyndan habar berýär.
Milletimiziň çuň many-mazmuna ýugrulan ýaşaýyş pelsepesi öz köklerini parahatçylyk söýüjilikden, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden we özge halklara hoşniýetli garaýyşlaryndan alyp gaýdýar. Oguz hanyň öwüt-nesihatlary, Gorkut atanyň pentleri, Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärlikleri, Göroglynyň dutaryny gylyjyndan öň ulanmagy, şeýle hem akyldar şahyrlarymyzyň watanperwerligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň belent ruhly beýanaty bolan şygyrlary halkymyzyň hoşniýetli bitaraplyk häsiýetleriniň edebi çeşmelerimizdäki mynasyp ornuny aýan edýär.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.