Maskanyň ýalňyş ulanylmagy diňe bir koronawirusa garşy göreşmek üçin haýyrsyz bolman, eýsem saglyga hem zyýanlydyr.
Maska boýna ýa-da eňege süýşürilmeli däldir, sebäbi bu ýagdaýda maskanyň daşky we içki taraplary tötänleýin biri-birine galtaşyp biler. Netijede, infeksiýanyň nemli bardalara düşmek ähtimallygy ýokarlanýar.
Maskalar, diňe antiseptik bilen zyýansyzlaşdyrlan eller bilen tutylmalydyr. Ýöne maskany islendik efir ýagy ýa-da spirt bilen nemlendirmek örän uly ýalňyşlykdyr, sebäbi nemli bardalar ýanmakdan ejir çekip biler.
Maska 2 sagat ulanylandan soň täzesine çalyşmaly. Könesini bolsa polietilen torbalara salyp taşlamagy.