Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, iň gymmat gurluşyk Braziliýa bilen Paragwaýyň arasyndaky Parana derýasyndaky Itaýpu atly bend we gidroelektrik stansiýasy boldy. Ol 1984-2007-nji ýyllar aralygynda guruldy we jemi 72 milliard dollar sarp edildi.

Gurluşyk işine 40 müň işçi gatnaşdy. Bu gurluşyk derýanyň ugruny üýtgetmegi öz içine alýardy, netijede 50 million tonnadan gowrak toprak we gaýa göçürildi. Desganyň territoriýasynda dört sany daş döwüji merkez we alty sany beton zawod, şeýle hem iki bir relsli ýollar, ýedi sany asma tanap ýoly we 13 diňli kran guruldy. Jemi 12,3 million kub metr beton ulanyldy.

Altybaýew Sapargylyç,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 

Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.