Krymda şeýle bir köp gar ýagdy welin, onuň daş görnüşi kosmosdakylary hem haýran galdyrýar.

Gar bilen örtülen ýarym adanyň suratyny russiýaly kosmonawty Anton Şkaplerow paýlaşdy. “Şu wagta çenli gyş möwsümindäki dört kosmos uçuşymda Krymda beýle köp gar görmedim!” – diýip ol ýazdy.

Habar berlişi ýaly, 21-nji dekabrdan bäri Krymda howa nol gradusdan pesde saklanýar we güýçli garlar ýagýar. Yalta, Sewastopol, Simferopol şäheriniň ýaşaýjylary gar bilen örtülen şäherleriň suratlaryny köpçülikleýin paýlaşýarlar.