Marokkanyň häkimiýetleri ähli döwletler bilen ýolagçy gatnawlarynyň togtadylmagyny ýanwar aýynyň ahyryna çenli uzaltdy diýip, ýurtdaky howa menzilleriň Milli dolandyryş gullugy (ONDA) habar berýär.

29-njy noýabrdan başlap, täze omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli Marokka gidýän we ondan yzyna gaýdýan göni ýolagçy gatnawlary togtadyldy. Bu gadagan etme ýylyň ahyryna çenli hereket edýärdi.

Mundan öň Marokkanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly 2020-nji ýylyň 20-nji martynda girizilen adatdan daşary sanitariýa ýagdaýyny ýanwar aýynyň ahyryna çenli uzaltdylar.