• Ýylyň 10-njy aýy bolan oktýabr aýy latynça sekiz diýmegi aňladýan “octo” sözünden gelip çykýar. Gadymy Rimde ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji aý bolupdyr. Ýanwar we fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen hem bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr.
  • Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklyk ortaça 384 401 kilometre barabardyr. Aýyň Ýeriň daşyndaky aýlawy töwerek däl-de, süýri görnüşli bolandygy üçin, bu uzaklyk iň golaý gelen wagty 356 400 kilometr, iň uzak aralyga gideninde 406 700 kilometr bolýar.
  • Ýupiter Gün plenetasynyň iň uly asman jisimi bolup, ol Ýerden 11 esse uludyr.
  • Dünýäniň deňiz derejesinden iň belentdäki köli bolan Titikakada gamyşdan ýasalan emeli adalaryň üstünde ýaşaýan ýerli ilat bakja ekinlerini hem şeýle adalarda ösdürip ýetişdirýärler. And daglarynyň belent gerişlerindäki bu kölde gamyşdan ýasalan sallaryň üsti toprak bilen bilen örtülip, onuň üstüne ekin ekilýär.
  • Ilkinji diş pastasy Gadymy Müsürde duz, narpyz, burç we beýleki guradylan ösümlikleriň garyşdyrylmagy bilen ýasalypdyr. Söwda maksatly ilkinji diş pastasy 1896-njy ýylda çüýşe gapda satuwa çykaryldy.
  • Balyklaryň gözleri gabaksyz bolup, olar beýleki jandarlar ýaly çuňňur uka gitmeýärler. Balyklar hereketsiz ýagdaýda galyp, dem alşyny we ýürek urgusyny peseltmek arkaly dynç alýarlar. Sebäbi balyklaryň köpüsi duýdansyz ýagdaýda duşmany gelende, çalasynlyk bilen gaçmaly bolýarlar.

Serdar JALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.