Her ýylda 31-nji dekabrda adamlar geň hereket edip başlaýarlar.  Irden agşama çenli nahar bişirýärler, hiç zat diýen ýaly iýmeýärler we ýary gijä ýakyn saçak başynda oturyp iýip başlaýarlar.    Şol sebäpli hem, birnäçe günüň içinde beden aňsatlyk bilen 3-5 kg öňküsinden agramly bolýar.  Örän işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýanlar üçin bu kilogramlar gorkunç däl, işjeň hereketleriň esasynda birnäçe günüň dowamynda olaryň bedeni ýene-de kadalaşyp gidýär.  Emma ofis işgärleri, uzak wagtlap bir ýerde oturýanlar üçin bu ýagdaýyň öňüni almak örän möhümdir.

Semizlige garşy göreşiň bir bölegi hökmünde Daily-menu.ru sagdyn iýmit hyzmaty, jemgyýetiň agzalarynyň başlangyjy bilen Halkara agyz beklemek gününi döretmek kararyna geldi. Bu Halkara gün ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda bellendi.

Bu agyz bekleme gününi kaloriýanyň peselmegi bilen doly deňagramly iýmitlenmäge, ýokary iýmit gymmaty bolan iýmitleri we naharlary saýlamaga, boş kaloriýa we uglewodlar bilen doldurylan çalt hem-de “gereksiz” iýmitleri doly ýok etmäge synanyşyň.  Şonda diňe bir netije bilen däl, eýsem, sagdynlygyňyz we abadançylygyňyz hem göwnüňizden turar.

Selbi ESENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 319-njy toparynyñ talyby